ÝOL HEREKETINIŇ HOWSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ugurda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy!» atly bir aýlygyň meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda ýörite meýilnama esasynda etrap polisiýa bölüminiň, etrap prokuraturasynyň, etrap bilim bölüminiň, etrap häkimliginiň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda mekdep okuwçylarynyň hem-de edara-kärhanalaryň arasynda wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Geçirilýän duşuşykda her bir raýatyň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmelidigi, degişli kadalara eýermelidigi barada giňişleýin gürrüňler edilýär. Munuň özi ýol hadysalarynyň öňüni alynmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şeýle hem duşuşyklaryň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça özara sorag-jogaplaryň alyşylmagy duşuşygyň täsirliliginiň artmagyna getirýär. Häzirki wagtda şeýle duşuşyklar meýilnama esasynda etrabyň edara-kärhanalarynda yzygiderlikde geçirilýär.

 

Zübeýda GURTÝAZOWA,

TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 497 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 491 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 505 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT