Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolan düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýany-ýakynda Tejen etrabynyň 42-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň gurnamagynda «Ýaşlar bilen diňe öňe, jan Watan!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlandy. Duşuşyga iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şol mekdepde zähmet çekýän mugallymlary, şeýle hem ýokary synpda bilim alýan okuwçylary gatnaşdylar. Dabaraly ýagdaýda geçen maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň parasatly pikirleriniň ýaşlary milli ruhy gymmatlyklar esasynda ahlak taýdan terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda şeýle gymmatly, çuňňur akyl-paýhasa we öwüt-ündewlere ýugrulan, taryhy-syýasy ähmiýetli ajaýyp sapagy geçirendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.