ÝOL HEREKETINIŇ DÜZGÜNLERI — YNSAN SAGLYGYNYŇ GORAGY

     Iň ýokary gymmatlyk adam hasaplanýan ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegi asylly däpleriň birine öwrüldi. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşaýşymyzy awtoulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Dünýäde tehnikanyň ösmegi, awtoulaglarynyň sanynyň köpelmegi sürüjilerden we pyýada adamlardan köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini talap edýär. Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekde iň uly serişdeleriň biri-de has irki döwürlerde oýlanyp tapylyp, biziň günlerimize çenli kämilleşen ýolyşykdyr. Irki döwürlerde ýolyşykda iki reňk bolup, olar gyzyl hem-de ýaşyl reňklerden ybarat bolupdyr. Olardan gyzyl reňk «dur», ýaşyl reňk bolsa «ýöre» diýmegi aňladypdyr. Soňra alymlaryň ýolyşygyň üstünde dürli işler geçirmegi netijesinde olarda sary reňkiň hem zerurlygyny orta çykarypdyrlar. Sary reňk bolsa «taýýarlan» diýen manyda ulanylypdyr. Şeýlelikde, ýolyşykdaky saýgarylmasy aňsat bolan bu üç reňk ýagny, gyzyl, sary we ýaşyl reňkler uly ýollarda, köçelerde awtoulaglaryň köp ýerlerinde adamlara ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmekde uly ähmiýete eýedir. Käbir ýolyşykda çyralaryň näçe sekuntdan çalyşjakdygyny görkezýän, ýagny azalyp barýan sanlar hem bolýar. Şular ýaly ýolyşyk bar bolan çatrykda eger sanlar nola ýetýänçä geçip biljekdigiňize gözüňiz ýetse gyssanmaçlyga ýol bermän geçmeli. Eger-de sanlar nola ýetýänçä ýoldan geçip bilmeseňiz onda hökman garaşmalydygyňyzy ýatdan çykarmaly däl.

 

Arzygül MYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1143 okalan

ENE HÜWDÜSI

22 Noýabr 2024 | 2230 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY