Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 35-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylarynyň arasynda «Milli gymmatlyklarymyza buýsanç» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny däp-dessurlaryny dikeltmek, gorap saklamak, ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak babatda alnyp barylýan işleri ýaşlara düşündirmek hem-de olarda milli gymmatlyklarymyza söýgini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen duşuşykda, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, halkymyz milli gymmatlyklaryny ýitirmän, nesilden-nesle geçirip gelipdir. Türkmen halky hemişe agzybirlige uýup, taryhyň dürli döwürlerinde başa düşen kynçylygy agzybirlik bilen ýeňip, ruhy gymmatlyklaryny däp-dessurlara siňdirmegi başarypdyrlar. Taryhy gadymyýetden alyp gaýdan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň külli türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga, olar hakda guwanç bilen söz açmaga giň mümkinçilik döredildi. Duşuşyga gatnaşanlar milli däp-dessurlarymyzy dikeldip, olary dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçiren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.