«Armaweriň kärendeçiler!» ady bilen Kaka etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Kaka etrabynyň Parahat daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde pagtaçy kärendeçileriň hem-de ýygymçylaryň işe bolan höwesini artdyrmak, zähmet işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen aýdym-sazly medeni köpçülikleýin dynç alyş çäresi geçirildi. Dynç alyş çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler we daýhanlarymyzyň bol pagta hasylynyň öz wagtynda watan harmanyna tabşyrylmagyny gazanmak hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Dynç alyş çäresinde ajaýyp mukamlar belent ýaňlanyp, etrap medeniýet bölüminiň mahmal owazly aýdymçylarynyň bagtyýarlyk döwrüniň waspyny ýetirip aýdan ajaýyp aýdymlary dabara gatnaşanlara lezzet berdi. Şeýle-de medeniýet bölüminiň wäşileriniň degişme sahnalary şowhunly el çarpyşmalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň dünýä derejesindäki alyp barýan tutumly işlerine çykyş edenler tarapyndan alkyşly sözler aýdyldy. Dynç alyş çäresine gatnaşanlar ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny kämilleşdirmek, daýhanlaryň netijeli zähmet çekip, zähmetiň rehnedini, bagtyýar döwrümiziň datly miwesini görmekleri hem-de döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýtdylar. Pagta ýygymyny ýygmakda tapawutlanan ýygymçylara hem-de kärendeçilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.