SEÝITJEMALEDDIN ÝADYGÄRLIGINDE GURALAN GEZELENÇ ÇÄRESI

     Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda 6-njy oktýabr Hatyra gününe bagyşlanyp Änew şäherinde ýerleşýän Seýitjemaleddin taryhy ýadygärliginde «Gadymy taryhym — hazyna-genjim» ady bilen gezelenç çäresi geçirildi. Taryhy ýadygärlige guralan gezelenç çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çärede bu taryhy ýadygärlik barada berilen gyzykly gürrüňlerdir rowaýatlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Rowaýatlarda beýan edilişine görä diwar bezegleri hem-de bu ýerdäki aždarha şekilleri, ýazgylar hem syrçalanan owunjak kukal böleklerinden düzülipdir. Aždarhalaryň hereketde doňup galan ýaly edilip görkezilmegi edil kagyzyň ýüzüne galam bilen çekilen ýaly ýerine ýetirilipdir. «Gözellik öýi» diýlip şahyrana atlandyrylan ajaýyp we bütinleý adaty bolmadyk aždarha şekilli bu binanyň gurluşygy bilen bagly ýerli ilat arasynda Änewiň golaýyndaky daglarda ýaşaýan iki aždarha hakynda gyzykly rowaýat döräpdir. Rowaýata görä, bir wagtlar şäheriň gala diwarynyň düýbünde bir agaç dikilip onda uly jaň asylyp goýlupdyr. Başyna iş düşen her bir ýolagçy jaňy kakmak bilen şähere duýduryş berýär eken. Taryhy ýadygärligiň diwar bezegleri gezelenç çärä gatnaşanlarda has-da aýratyn gyzyklanma döretdi. Çäräniň ahyrynda bolsa oňa gatnaşanlar şular ýaly taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, şeýle hem geljekki nesillerimize ýetirmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň sagbolsunlaryny aýtdylar.

 

Şirinjemal AMANOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA