BAÝRAMA BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK

  Dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde giňden tanalýan eziz Diýarymyzyň demirgazyk welaýatynda hem sport çäreleri giňden ýaýbaňlanýar. Bu günki gün ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Sportuň futbol görnüşi bolsa, ýaşlaryň iň bir söýgüli oýunlarynyň biridir. Munuň şeýledigini, golaýda geçirilen ýaryş aýdyňlygy bilen tassyklady.

  «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak, sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek maksady bilen, şeýle-de, ýurdumyzyň Baş baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda, sportuň futzal görnüşi boýunça Daşoguz welaýatynyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda Daşoguz welaýatynyň göçme Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň, welaýat salgyt bölüminiň, welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, welaýat statistika müdirliginiň, welaýatyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, welaýatyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň, welaýatyň pensiýa gaznasy müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Ýygyndy toparlar özara bije çekişmek arkaly iki topara bölünmek bilen, aýlaw görnüşinde ýaryşdylar. Çalasyn, ezber ykdysady pudagyň ýaş wekilleri Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynyň ýapyk meýdançasynda bäsleşdiler.

   Oýunlar biri-birinden gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýarym finalda 3-nji orun üçin Daşoguz welaýat statistika müdirliginiň hem-de Daşoguz welaýatynyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ýygyndy toparlary bäsleşdiler. Munda oýun 11 – 1 hasabynda welaýatyň statistika müdirliginiň ýygyndy toparynyň hasabyna tamamlandy.

  Final oýnunda 1-nji orun (göçme Kubok) üçin geçirilen ýaryş bolsa, oňa gatnaşan tomaşaçylaryň ýürek urşuny tizlendirip, nepeslerini tutdy. Onda Daşoguz welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň ýygyndy toparlary bäsleşdiler. Netije-de, dartgynly pursatlara baý bolan final oýny 3 – 1 hasap bilen welaýatyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň ýygyndy toparynyň peýdasyna tamamlandy.

   1 – 2 – 3-nji orunlara mynasyp bolan ýygyndy toparlaryň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de bu Geňeşiň Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikdäki Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

   Oýunlaryň geçişi ykdysady pudakda zähmet çekýän ýaşlaryň diňe bir öz ugry boýunça ökde hünärmenler bolman, eýsem sportda hem ezber türgenlerdigini ýüze çykardy. Ýokary guramaçylyk deresinde geçirilen ýaryşa gatnaşan ýaşlar şeýle bäsleşikleriň ýygy-ýygydan geçirilmegini arzuw etdiler hem-de ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

 

 

Magsat OTUZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy.

Öňki makala

SPORT — SAGDYNLYK

Indiki makala

ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

Meňzeş habarlar