Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, goýny 360 pirli gadymy Daşoguz topragynda hem ýurdumyzyň Baş baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni uly dabara, şatlyk-şowhun bilen garşylanylýar. Şolaryň biri hem, golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramagynda, Daşoguz şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Maral» toý mekanynda «Garaşsyzlyk bilen galkynýar ajaýyp Watanymyz» ady bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresidir. Oňa Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary, dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen baýramçylyk dabarasynda Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren şirinden-şirin aýdym-sazlary çärä aýratyn öwüşgin çaýyp, oňa gatnaşanlarda unudylmajak täsirler galdyrdy.
Şemşat SÄHETGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň
esasy hünärmeni.