Şeýle ajaýyp şygar bilen ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň beýleki iri jemgyýetçilik guramalary, welaýatyň Baş bilim hem-de medeniýet müdirlikleri, “Bagtyýar eýýam” okuw merkezi bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen, rus we iňlis dillerinde goşgy, düzme ýazmak, surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini geçirdi. Oňa Daşoguz welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşik Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzda gazanylan ösüşleri, ýetilen belent sepgitleri çeper döredijiligiň üsti bilen beýan etmek, ýaşlaryň arasynda döredijiligiň şygyr ýazmak görnüşine höwesli täze ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.