Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler jaýynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli, “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň we gülläp ösüşiň mekany” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahaty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli gutlaglar hem-de geçen sanlyja ýylda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusyndaky giňişleýin we täsirli çykyşlar bezedi. Dabaraly maslahatda mekdebiň aýdym-saz toparynyň zehinli ýaşlarynyň ýerine ýetiren şirinden-şirin aýdymlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri bolup ýaňlandy.
Wepa ESENOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň hünärmeni.