BIRAÝLYGYŇ ÇÄKLERINDE

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäre ýaşlaryň jemgyýetçilik tertip-düzgünini doly berjaý etmeklerini gazanmak, olara ýol-ulag hereketiniň kadalaryny giňişleýin düşündirmek maksady bilen geçirildi. Çärede şäheriň iri jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri ýol hereketiniň düzgünleri we kadalary, Baş Kanunymyzda bellenilen, jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň saglygy we howpsuzlygy hakynda, ýol medeniýetini berjaý etmekde hoşniýetli garaýyşlaryň kämilleşmegi dogrusynda täsirli çykyşlar arkaly giňişleýin düşünje berdiler.

 

 

 

Abul HAÝTBAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar