Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar, gurýar we döredýär. Taryh üçin uzak bolmadyk Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ösüş-özgerişleri, milli ykdysadyýetimiziň galkynyşyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýaşlaryň göreldeli zähmetini açyp görkezýän ýokary hilli surat eserleriniň döredilmegini höweslendirmek, şeýle-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, «Garaşsyzlyk şuglasy ýalkym saçýar Diýara” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan eserlerde Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler suratlaryň üsti bilen çeper beýan edildi.
Döredijilik bäsleşiginiň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, mekdebiň 1-nji ýyl talyplary Dünýägözel Ýusupowa, Merjen Orazowa, Bagtygül Meredowa degişlilikde 1 – 2 – 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gülruh ATABAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.