BAŞ BAÝRAMA AJAÝYP SOWGAT BILEN

     19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadiona ýygnanan 20 müňe golaý futbol janköýeri ajaýyp duýgulary başdan geçirdi. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň ilkinji tapgyrynyň çäklerinde ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony «Ahal» topary soňky wagtlarda dünýäniň çar ýanyndan ýyldyz oýunçylary toplaýandygy bilen uly seslenme döreden Saud Arabystanyň çempionatyna wekilçilik edýän «Al-Feýha» toparyny kabul etdi.

     Turuwbaşdan çekeleşikli häsiýete eýe bolan duşuşykda toparlaryň ikisi-de mynasyp oýun görkezdiler. Oýnuň 51-nji minutynda «Ahalyň» kapitany Elman Tagaýew jerime meýdançasynyň daşyndan topy derwezäniň çep burçuna gönükdirip, hasaby açmagy başardy. Oýunda ýeke-täk gol türkmen toparyna ýeňiş getirip, janköýerlerimize ýatdan çykmajak duýgulary paýlady.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen duşuşykda gazanylan ýeňiş hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda sportuň, hususan-da, millionlaryň söýgüli oýny bolan futbolyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny tassyklaýar.

     «A» toparçanyň beýleki duşuşygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýn» topary myhmançylykda Özbegistanyň «Pahtakoryndan» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Çempionlar ligasynyň indiki tapgyrynda, has takygy 3-nji oktýabrda «Ahal» myhmançylykda «Al-Aýn» bilen duşuşyp, toparçadan çykmak üçin zerur utuklary gazanmaga synanyşar. Bizem türkmen toparyna öňdäki duşuşyklarda-da diňe ýeňişleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

 

 

 

Rüstem MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 110 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR