Fifa-nyň reýtingi täzelendi: Türkmenistan näçenji ýerde?

     Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini mälim etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze sanawda 2 basgançak aşaklap, 140-njy orny eýeledi.

     FIFA-nyň reýtingi soňky gezek iýun aýynda täzelenip, Türkmenistan şol sanawda 138-nji basgançaga ornaşypdy. Şondan bäri türkmen futbolçylary iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, Indoneziýadan asgyn geldiler (0:2) hem-de Bahreýn bilen deň (1:1) oýnadylar.

 

FIFA-nyň täzelenen reýtinginiň top-5-ligi aşakdaky görnüşe eýe:

Argentina,

Fransiýa,

Braziliýa,

Angliýa,

Belgiýa.

     Ýeri gelende bellesek, sanawda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gowy görkeziji Özbegistanyň ýygyndysyna degişli — 75-nji orun. Şeýle-de, reýtingde Gyrgyzystan 96-njy, Gazagystan 100-nji hem-de Täjigistan 110-njy orny eýeläpdir.

                                                                                                                                                                                Ýaponiýa,

Eýran,

Koreýa Respublikasy,

     Awstraliýa,

Saud Arabystany.

    Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň DÇ-2026-nyň saýlamasynyň «E» toparçasynda Eýran, Özbegistan hem-de Gonkong — Butan jübütiniň ýeňijisi bilen güýç synanyşjakdygyny ýatladýarys.

     Türkmenistanyň milli ýygyndysy DÇ-2026-nyň saýlamasynyň çägindäki ilkinji oýnuny 16-njy noýabrda geçirip, şol gün Aşgabatda Özbegistany kabul eder.

 

 

TURKMENPORTAL

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 110 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR