TÜRKMENISTANYŇ KUBOGY ― 2023: «ARKADAG» ÝARYM FINALDA «ALTYN ASYRY» ULY HASAP BILEN ÝEŇDI

     «Altyn asyr» futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» toparyndan asgyn geldi. Aşgabat şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirilen duşuşyk «Arkadagyň» 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

     Şeýlelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32-nji ýylynda döredilen topar şol ýylyň özünde ýurduň Garaşsyzlyk gününde hem uly hasapda ýeňiş gazandy.

     Duşuşykda Didar Durdyýew iki pökgi geçirdi. Beýleki gollary bolsa Abdy Bäşimow bilen Begmyrat Baýow öz adyna ýazdyrdy. «Altyn asyryň» düzüminden Söhbet Durdyýew tapawutlandy. Iki toparyň arasyndaky jogap duşuşygy 20-nji oktýabrda geçiriler.

     «Arkadag» toparynyň çärýek finalda «Köpetdagy» 5:1 we 4:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys. «Altyn asyr» bolsa 0:1 we 2:0-luk hasaplar bilen «Nebitçiden» üstün çykdy.

 

TURKMENPORTAL

 

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 110 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR