KITAP TÄSINLIKLERI

     Kitabyň we awtorlyk hukugynyň halkara güni her ýylyň 23-nji aprelinde geçirilýär. Bu özboluşly baýramçylygy bellemek hakynda karar 1995-nji ýylyň 15-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň XXVIII sessiýasynda kabul edilýär we 1996-njy ýyldan bäri Bütindünýä kitap güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär.

     ÝUNISEF tarapyndan 1967-nji ýyldan bäri her ýylyň 2-nji aprelinde — çagalar edebiýatynyň görnükli ýazyjysy Gans Hristian Anderseniň doglan gününde Çagalar Kitabynyň Halkara gününi geçirmek asylly däbe öwrülýär. Bu baýramçylygy döretmek baradaky başlangyjy nemes ýazyjysy Ýelle Lepmana degişlidir. Çagalar kitaby boýunça Halkara geňeş baýramçylyk dabaralaryny guraýar. Kitap okan oturan çagajygyň şekili bu senäniň aýdyň nyşany hökmünde öňe çykarylýar. Şol gün gurama tarapyndan dünýäniň ussat ýazyjylarynyň biriniň çagalara ýüzlenmesi ündew suraty bilen bilelikde çap edilip ýaýradylýar. Şeýle baýramyň bellenilmeginiň ýaş çagalaryň arasynda kitaba bolan söýgini kemala getirmekde, entek ýaşlykdan olaryň kitap atly wepadar dosta ak ýürekden werziş bolmagyny üpjün etmekde ähmiýeti diýseň uludyr.

     Berlinde kitabyň ýörite ýadygärligi bar. Ol özboluşly galyň kitaplaryň üsti-üstüne goýlan şekilinde bolup, ol ýerdäki kitaplarda dünýä jemgyýetçiliginiň kemala gelmeginde iň bir saldamly goşant goşan akyldarlaryň atlary ýazylandyr. Şeýle hem bu ýerde dana jümlä gabat gelmek mümkin. Onda şeýle diýilýär: «Danalar ölmeýär, olary kitaplar ýaşadýar!».

     ABŞ-nyň görnükli syýasatçysy Abraham Linkoln «Meniň öwrenmek isleýän ähli zatlarym kitaplaryň gatynda» diýip aýdan bolsa, rus alymy S.I.Wawilow: «Kitap dünýädäki iň ýokary zatdyr, şonuň üçin hem ol ynsana barabardyr, kä halatda bolsa ynsandan hem beýikdir» diýip belläp geçýär.

 

 

Toplan: Altyn HOJAMOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň

pensiýa gaznasy bölüminiň başlygynyň kätibi,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI