MILLI LYBASYM — MILLI MIRASYM

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyny öwrenmekde, onuň şöhratly sahypasyny açyp görkezmekde düýpli işler alnyp barylýar.

     Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlary milli mata önümlerinden taýýarlanylan egin-eşikleri üýtgeşik höwes hem-de uly buýsanç bilen geýýärler. Ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen milli matalarydyr. Geçmişde mata dokamak türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Türkmen zenanlary ýönekeý agaç gurallarda dünýäni haýrana goýýan nepis matalary dokapdyrlar.

     Türkmen zenanynyň köýnegi owadanlygy bilen göreni haýran edýär. Zenan köýneginiň biçüwi, tikilişi bilen toýda, öýde geýilende-de oňaýly bolup, gelin-gyzlaryň görküne görk goşýar. Zenanlaryň milli köýnegi dünýäde beýleki bir milletiň egin-eşigine meňzemeýän taýsyz özboluşly ajaýyplykdyr. Şeýle bolany üçin bu ajaýyplyk asyrlardan aşyp, nesilme-nesil dowam edip gelýär.

     Milli geýimlerimiziň gadymy wagtlardan bäri aýratyn biçüwi hem-de jana ýakymly, hili gowy matalardan tikilip gelinýändigine taryhy-ylmy kitaplardaky maglumatlar, dünýäniň dürli ýurtlarynda gabat gelýän milli lybaslarymyzyň gadymy nusgalyklary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan dokmaçylyk, tikinçilik bilen bagly iş gurallary we beýleki maglumatlar habar berýär. Şeýle ygtybarly maglumatlara XIX asyryň ahyrlarynda, XX asyryň başlarynda Diýarymyzda bolan taryhçylardyr syýahatçylaryň ýazgylarynda duş gelmek bolýar. Bu gymmatly maglumatlar bolsa, diňe bir milli geýimlerimiziň taryhyny däl, eýsem halkymyzyň şöhratly, baý taryhyny öwrenmekde hem örän ähmiýetlidir.

    Türkmen lybaslarynyň gözelliginiň tarypy fransuz syýahatçysy Belanžýeniň işlerinde hem ýetirilipdir. Onuň «Parižden Hindistanyň çäklerine çenli» diýen işinde şeýle ýazylypdyr: «Adatça, zenanlar uzyn köýnek geýinýärler, eginlerine owadan ýaglyk atýarlar. Toý-baýramlarda sary ýa-da gyzyl reňkli ýüpek ýaglyk atynýarlar. Başgaplary tutuşlygyna gymmat bahaly daşlar bilen örtülýär. Şeýle ajaýyp şaý-bezegleriň aňyrsynda görünýän türkmen zenanynyň keşbi dabaraly patyşa zenanlaryny ýatladýar».

     Türkmen halk döredijiligi bolan nakyllarda hem türkmen lybaslarydyr el işleri ulanylypdyr. Olardan käbiri:

Kökli tikinim, görkli tikinim.

Köýnek biçiň ýeňli-ýanly, dost tutunyň öňli-soňly.

Geňeşli biçilen don gysga bolmaz.

Adam eli gyzyl gül.

 

     Türkmen zenany eli çeperligiň, kalby joşgunlylygyň, ýüregi mähir-muhabbetliligiň, nusgawy edep-ekramyň mekdebidir.

     Türkmen zenanynyň işeňňirlik, öňdengörüjilik, asyllylyk bilen sypaýydan-sypaýy el işlerini döredýändigi üçin dünýäniň ýüzünde mertebesi belentdir, şan-şöhraty daglar aşýandyr.

     Türkmen zenany jadyly el sungaty bilen bu günki gün dünýäni özüne aşyk edýändir.

      Türkmen halkymyzyň milli egin-eşikleri, ajaýyp geýim-gejimleri nesilden-nesle geçip özboluşlylygy, inçeden nepisligi, durnuklylygy bilen halkymyzyň beýik milli medeniýetini, däp-dessuryny, özboluşly taryhyny we milli aýratynlygyny beýan edýär.

 

 

 

Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag

şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň  işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI