Türkmenistanyň günorta sebitinde orun alýan Gadymy Merw şäheri, baý taryhy ýadygärlikleri bilen Türk-Yslam taryhynyň esasy siwilizasiýa we medeni merkezleriniň biri hökmünde tanalýar. Kitaphanalaryň, kümmetleriň we galalaryň orun alýan Merw şäherinde Seljuk soltanlary we beýik alymlar ýaşap geçipdirler. Sebitiň iň gadymy galasy, biziň eýýamymyzdan öň V asyrda gurulan we 20 gektarlyk meýdana eýe bolan Erk Galasynyň 25 metrlik diwarlary asyrlara garamazdan şu günlere gelip ýetipdir. Erk galasynyň daş-töweregini gurşaýan Gawur galasy hem uzynlygy 2 kilometr we 400 gektar meýdany bilen Merwiň taryhy ýadygärligi hökmünde goralyp saklanylýar. Merwiň çäkleri agzalan şäherleriň we galalaryň galyndylary bilen bir hatarda Soltan Sanjaryň kümmetini we beýleki ençeme arhitektura ýadygärlikleri hem öz içine alýar. Galalary bilen meşhur bolan gadymy Merw şäheriniň esasy mekanlaryndan biri bolan Uly we Kiçi gyz galalarynyň VI asyrda çig kerpiçden ýasalmagyna garamazdan häzirki günlere gelip ýetmegine hünärmenler tarapyndan binagärlik we inženerlik ussatlygy diýip häsiýetlendirilýär. Merw şäherindäki sahabalaryň kümmetleri häzirki wagtda halkymyzyň iň köp zyýarat edýän ýeridir.
Batyr NARYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.