Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary bilen ähli gymmatlyklarymyz bolan owadan gölli halylarymyz, milli lybaslarymyz, gamyşgulak bedewlerimiz bilen birlikde, zergärçilik sungatymyzy dikeltmekde, halkymyza ýetirmekde uly işler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň iň kämil derejä ösüp ýeten halk senetçiliginiň biri-de zergärçilik sungatydyr. Zergärçilik sungaty birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, inçe sungat derejesine çenli ösdürilipdir. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan zergärçilik çeperçiligi, nepisligi hem-de dürli-dürli görnüşliligi bilen tapawutlanýar.
Taryhy maglumatlara görä, dünýäde ilkinji zergärçilik ussahanasy günbatar Türkmenistanda döräpdir. Bu pikir Gubaseňňir gaýasynyň çür başynda gadymy adamlaryň ussahanasynyň hem-de deňiz balykgulaklaryndan ýasalan şaý-sepleriň tapylandygy bilen tassyklanýar.
Şaý-sepleriň dürli görnüşleri diňe Gubaseňňirde däl, eýsem Türkmenistanyň çäklerindäki Göksüýri, Änew, Namazgadepe, Altyndepe ýaly gadymy ýaşaýyş ýerlerinde hem tapylýar. Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde irki döwürlerde ýaşan ilkinji zergärler tarapyndan ýasalan gelin-gyzlaryň şaý-sepleriniň altyndyr kümüşden, misden nusgalary tapylýar. Şol döwürde eýýäm dürli şaý-sepleri, bilezikdir monjuklary, gülýakadyr dürli halkalary ýasapdyrlar.
Türkmeniň zergärçilik sungatynda özboluşly milli aýratynlyk bar. Türkmen şaý-sepleri özüniň çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Olaryň ýasalyşynda, nagyşlarynda halkymyzyň geçmiş taryhy, milli aýratynlyklary, ruhy dünýäsi we ýiti döredijilik ukyby öz beýanyny tapýar.
Halkymyzyň paýhas eleginden elenip, aýdylan sözler, mysal üçin, «Zer gadryny zergär biler», «Dür ýasalmaz ussatsyz» ýaly jümleler türkmen halkynyň zergärçilik sungatyna aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýenede belläp geçmeli zatlaryň biri hem, irki döwürlerde ata-babalarymyz şaý-sepi ýasamak üçin metallaryň we daşlaryň aýry-aýry görnüşlerini ulanypdyrlar. Zergärçilik sungatynda esasan şaý-sepleri ýasamak bilen erkek kişiler meşgul bolupdyrlar. Olara halk arasynda zergär, çeper senetgär, kümüşçi ussa, kümüş ussasy hem diýipdirler. Kümüş ussalary türkmen milli şaý-sepleriniň dürli görnüşleriniň ýasalyşynda özboluşly milli aýratynlygy görkezmegi başarypdyrlar. Olar bezeg önümlerini ýasanlarynda tärlerden çekiçläp ýasamakdan, guýmakdan, kümüşe altyn çaýmakdan, işmekden, sünnälemekden peýdalanypdyrlar.
Türkmen milli şaý-seplerimiziň biri bolan asyk şaý-sepimiz barada şeýleräk bir rowaýat bar. Ir döwürlerde asyk dakýan aýalyň asygy onuň ogul öýerip, gelinli bolandygyny aňladypdyr. Haçanda basyp alyşly döwürde gaýry ýurtlaryň eline ýesir düşen türkmen ýigitleri yzyna dolanyp gelende, enesiniň arkasynda asygy bar bolsa mähriban enesiniň, gelniniň ýoluna garap oturandygyny aňladypdyr. Rowaýatlaryň üsti bilen, gelin-gyzlaryň dakynýan her bir bezeginiň aňyrsynda uly many-mazmunyň ýatandygyndan habar berýär.
Milli zergärçilik sungatymyzda gaýtalanmajak bezeg zynatlarymyzyň biri-de tumardyr. Tumar sözi «Türkmen diliniň düşündirilişli sözlügi» kitabynda – gelin-gyzlaryň dakynýan togalajyk, süýnmek bezeg şaýy diýlip, beýan edilýär.
Tumar türkmenlerde kümüş önüminiň ady bolsa-da, Magtymguly Pyragynyň «Tumar gördüm» goşgusyndaky «Bir ýazylan tumar gördüm» diýen setirlerine esaslanyp, mukaddes ýazgyly hatlara-da tumar diýilendigine göz ýetirýäris.
Halkymyzyň her bir sungat eseri aýratyn gözellige we beýik many-mazmuna eýedir. Ol eserlerde geçmiş taryhymyz, halk durmuşynyň dürli pursatlary, tebigat gözellikleri öz beýanyny tapýar. Türkmeniň gadymy we kämil milli mirasyna degişli bolan şaý-seplerine ata-babalarymyzyň ýagşy umyt-arzuwlary siňipdir. Şonuň üçin hem olar goralmaga, baky mukaddeslik saýylyp, asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirilmäge mynasypdyr. Goý, nepis şaý-seplerimiz has-da kämilleşip, geljek nesillerimize miras galsyn!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zergärleri milliligimizi gorap saklamak we geljekki nesillerimize ýetirmek bilen, häzirki döwrüň isleglerine görä, döwrebap, täze öwüşgin berip ýasaýarlar. Bu bezegleri gelin-gyzlarymyz uly höwes bilen dakynýarlar.
Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag
şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.