ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, şeýle hem dünýä tejribesine laýyklykda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmakda, ýurdumyzy gülletmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Ýollarda awtoulag serişdeleriniň köpelmegi netijesinde, olaryň hereketleri-de ýygjamlaşýar. Bu bolsa köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlendirilmegini talap edýär. Ýollaryň hadysasyz bolmagynda sürüjiler bilen bilelikde, pyýadalaryň hem jogapkärçiligi artýar. Ýol hereketiniň düzgünleri boýunça dürli düşündiriş çärelerini guramak üçin çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalaryň, orta okuw we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň hem-de jemgyýetçilik gurmalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda guralýan wagyz-nesihat, öwüt-ündew we düşündiriş häsiýetli çäreleriň uly ähmiýeti bardyr.

     Köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Döwlet derejesinde ýaýbaňlandyrylan ýol hereketiniň howpsuzlygy adam hakyndaky aladanyň çuňňur beýanydyr. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýar ýaşadýan, biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Merjen ÖWEZOWA,

Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň,

Dokma önümçiligi kafedrasynyň mugallym öwrenijisi.

Meňzeş habarlar