DIL ÖWRENMEK — DÜNÝÄNI GÖRMEK

     «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýen jümle ählimize tanyşdyr. Diller dünýä ýola açýan derwezedir. Derwezäniň aňyrsynda bolsa, siz üçin henizem açylmadyk dünýä medeniýeti ýatyr. Şonuň üçin wagtyňyzy bisarpa tutmazdan, dil öwrenmegi gündelik endigiňize öwürmek gerek. Şeýle endikler size diňe üstünlik getirer.

  Sapaklary öwredilýän dilde geçmek we gönüden-göni innowasion tehnologik enjamlardan, kompýuterlerden, innowasion tagtalardan, lingofon enjamlaryndan peýdalanmak bolsa, has-da maksadalaýykdyr. «Eşden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlip bellenilişi ýaly, dil taýýarlygynyň barşynda gozgalýan meseleleriň we olaryň çözgüdine degişli ähli maglumatlary gatnaşyjylaryň aňynda berkitmekde kompýuter we innowasion tagtalaryň ähmiýeti has-da uludyr. Gürleşmek, ýazmak, pikir alyşmak, öwredilýän dilde gysga metražly filmlere, aýratyn-da multifilmlere syn etmek, aýdym-saz diňlemek, çaý içişlik pursatlaryny guramak ýaly işleri guramak hem ähmiýetlidir. Gezelençleri guramak we gezelenç edilýän obýektleri tanyşdyrmak öwredilýän dilde beýan edilse, maksadalaýyk bolar. Şeýle-de, gatnaşyjylar gezelenç mahaly gören zatlaryny öwrenýän dilinde düşündirmäge synanyşmalydyr.

     Iňlis dili — dünýä dili. Bu dil daşary ýurtlylar bilen dost-doganlykly aragatnaşyk saklamakda hem-de köp sanly tehnologiýalaryň bu dilde bolýandygy sebäpli ony öwrenmekde örän möhüm ähmiýete eýedir. Beýleki döwletlerde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem bu dile aýratyn ähmiýet berilýär we esasy dilleriň biri hökmünde öwrenilýär, kämilleşdirilýär. Şonuň üçin bolsa gerek, soňky ýyllaryň içinde bu dile uly gyzyklanma bildirýän öwrenijileriň sany has hem artdy. Ýurdumyzda iňlis dilini bilýän ökde hünärmenleri ýetişdirmek möhüm wezipe edilip goýuldy we orta mekdeplerden başlap, ähli ýokary okuw mekdeplerinde esasy üns merkezinde durýar. Aýratyn-da, ýokary okuw jaýlarynda iňlis dili sapaklarynyň ýokary derejede geçirilmegi üpjün edilýär. Dürli lingofon otaglary we amatlyklara eýe bolan enjamlaşdyrylan beýleki otaglar ilkinji nobatda, ýardam berýär. Bu ugurda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki dil merkezleriniň bitirýän hyzmatlary aýratyn bellärliklidir. Olar dünýä dillerini öwretmek wezipesi öňde goýlan döwründe şeýle wezipäniň üstünlikli amala aşyrylmagynda özleriniň saldamly goşantlaryny goşup gelýärler we netijeli işleri alyp barýarlar. Şeýle irginsiz aladalaryň we durmuşa geçirilýän netijeli işleriň giň gerim almagy netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşlaryň iňlis dilinde öz ene dilinde gürleýşi ýaly gürläp bilmekleri hem-de olaryň bu dilde kämil, dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin amatly şertleri bolan gurşawlar döredilýär.

     Dünýä dilleri köpsanlydyr we olar özleriniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Olary birbada öwrenmek we özleşdirmek örän kyn iş. Ol siziň yhlasyňyza, höwesiňize we ymtylyşyňyza bagly. Bu babatda bilermenleriň maslahat bermegine görä, ähli diller öwrenilende fonetikadan, morfologiýadan we beýleki çylşyrymly ugurlaryň yzygiderli esasynda öwrenilýär. Diliň fonetik aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek, morfologik kadalary birkemsiz özleşdirmek, şol sanda söz baýlygyňy artdyrmak esasy talaplar hökmünde öňe çykýar. Şeýle-de, öwrenýän diliňizde dürli adamlar bilen gepleşikleri alyp barmak we özara pikir alyşmak hem maksadalaýyk işdir. Köp ýagdaýlarda dil öwrenmäge girişen adam ilki bilen, şol dilde çagalar üçin niýetlenip ýazylan kiçeňräk hekaýalary, goşgulary okamakdan başlaýar. Şu nukdaýnazardan, kiçi tekstleri terjime ediň. Özüňiz üçin gündelik öwrenmeli sözleriňiziň sanyny kesgitläň we öwreniň. Gün-günden tekstleriňem göwrümini giňeldiň, öwrenýän sözleriňiziň hem sanyny artdyryň. Öz işiňize gözegçilik etmegi we özüňize has talapkär bolmagy unutmaň!

     Dünýä dillerini öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin biz ýaşlar hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Bize durmuşda, zähmet ýolumyzda ugur-ýol görkezip, nusgalyk görelde mekdebi bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

 

 

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar