Eşretli zamanamyzda bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda bolup geçýän beýik özgertmeler ömrümizi bezeýän iň ýakymly pursatlar hökmünde hakydamyzda we aňymyzda müdimilik orun alýar. Biz bu ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýaş nesliň şu günki we geljekki ykbaly bilen baglanyşykly göwün galkyndyryjy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk. Eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hasaplanýan ýaşlar üçin döwlet derejesinde edilýän aladalaryň ählisiniň giň gerime, uly ähmiýete eýedigini, uzak geljegi nazarlaýandygyny hem nygtamak gerek. Hemmämiz üçin möhüm ähmiýetli syýasy waka öwrülen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda Guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi we amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy netijesinde ukyp-başarnykly ýaş nesliň zehinlerini ýüze çykarmaga ýene giň mümkinçilikler açyldy. Ýagny, bagtyýar zamanamyzda kämil bilimli, ösen aň-düşünjeli şahsyýetleriň kemala gelmegini gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli döredijilik, ylmy, hünär bäsleşikleri ep-esli artdy. Şonuň ýaly-da, şanly üstünliklere beslenýän ýylymyzda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnalynyň işe başlamagy bilen zamanamyzyň sesine ses goşýan ýaşlaryň çeper-publisistik we döredijilik eserlerini dünýä dillerinde köpçülige ýetirmäge ýene bir mümkinçilik döredi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, bu şäheriň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi-de döwletli döwranymyzyň iň buýsançly wakasy hökmünde göwnümizi galkyndyrdy. Şäheriň gurluşyk işlerinde ýaşlaryň teklipleriniň diňlenilmegi we olaryň ylmy taslama işleriniň bu akylly şäherde gurulýan edara-binalarda ornaşdyrylmagy ýaşlaryň zehinine, güýjüne aýratyn bil baglanylýandygyna şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly-da, Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gazetiň, teleýaýlymyň we futbol toparynyň döredilmegi bilen bagtyýar ýaşlaryň güýç-gaýraty, başarnyklary we täze başlangyçlary bilen Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleri, şanly wakalary dünýä ýaýmaga giň ýol açyldy.
Ýylyň şygaryndan gözbaş alýan bu özgertmeleriň ählisi zähmeti baýdak edinýän ýaş nesli belent maksatlara ýetmäge, röwşen geljegi gurmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň täze taryhy döwründe uly öwrülişikleri başdan geçirýän beýik ykbally türkmen ýaşlary mundan beýläk-de mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmäge, bütin dünýädäki abraý-mertebesini belende galdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşarlar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan ruhlanýan, Magtymguly Pyragy, Gorkut ata, Görogly beg ýaly beýik şahsyýetlerimiziň ýol-ýörelgelerine eýerýän türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ümzügi diňe ileri bolar.
Ýusup Babakulow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat
şäher Geňeşiniň başlygy.