Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlara beslenýän eziz Diýarymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny uly ösüşler bilen garşy alýar. Döwletimiziň gülläp ösmegi we jemgyýetimiziň galkynyşy Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan beýik işleriň ajaýyp miwesidir. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Tejen etrabynyň 30-njy orta mekdebinde «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Ýokary synp okuwçylarynyň we mekdep mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçen duşuşyk mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp, ondaky çykyşlarda Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagty, geçen taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleri, gazanan üstünlikleri dogrusynda durlup geçildi. Çäräniň dowamynda okuwçylaryň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinden okan setirleri maslahatyň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
Röwşen HOJAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap
Geňeşiniň bölüm müdiri.