HAÝWANAT DÜNÝÄSINDEN HIKMETLER (tymsallar)

Öwünjeň arynyň kysmaty

       Günlerde bir gün ary kynçylyk bilen zähmet çekip ýören garynjany görüp, betnebislik bilen:

— Garynja, saňa kynçylyk çekmegiň zerurlygy ýokmuka diýýärin?! Men ýaly diňe iýip-içip ýaşasaň bolýar-a. Desterhandaky iň oňat tagamlar mensiz iyilmeýär. Islän ýerime gonýaryn. Näme islesem şony hem iýýärin — diýipdir.

Garynja oňa ünsem bermändir. Ary muňa gahar edip, uçup gidipdir. Şol barşyna, et satýanyň dükanyna girip, asylgy duran ete gonupdyr. Et satýan bolsa, çaltlyk bilen elindäki pyçagy bilen aryny ýenjipdir. Ary ýere gaçypdyr we ony garynjalar alyp gidipdir.

 

Edebi kimden öwrenmeli?

     Tokaýda örän wagşy ýolbars mesgen tutupdyr. Oňa möjek bilen tilki gije—gündiz hyzmat edipdir. Günlerde bir gün ýolbars bir oljany möjegiň öňüne oklap:

— Hany, bu oljany paýla — diýipdir. Möjek oljany üç bölege paýlapdyr. Bir bölegini ýolbarsa, bir bölegini tilkä, soňky bölegini özüne almakçy bolupdyr. Muny synlap oturan ýolbars gahar bilen möjege seredipdir. Möjek gorkup ýaýdanypdyr. Ýolbars tilkä:

— Hany, sen täzeden paýla — diýipdir. Tilki oýlanmazdan gönüden-göni üç bölegem ýolbarsyň öňüne goýupdyr. Ýolbars tilkiniň aklyna we edebine haýran galyp:

— Sen beýle edebi nireden öwrendiň? — diýip sorapdyr.

Tilki:

— Ýolbars bilen möjekden öwrendim — diýip jogap beripdir.

 

Möjekleriň sypaýylygy

     Çopanyň öýünden uzak bolmadyk ýerde, bir möjegiň çagalary dünýä inýär. Çopan öz işleri bilen gümra bolup, gün geçirýän bir pursadynda, möjeklere päsgelçilik döretmeýär. Möjekler hem çopana zyýan ýetirmeýär. Öz goňşusynyň sürüsini bigäne garyndaşlaryndan goraýar. Del möjekleri sürä getirmeýär. Şeýlelik bilen, olar uzak wagtlap goňşy bolup, agzybir ýaşapdyr. Obanyň ýigitleri birnäçe gezek möjegiň çagalaryny alyp gitmekçi bolýar. Emma çopan muňa garşy bolýar. Çopanyň pikirine görä, dünýäde çagasyndan aýrylan möjekden gazaply wagşy ýokdur. Olar hat-da, sürüdäki bar bolan goýun-guzulary iýip, parçalaýarlar.

Garaşylmadyk ýerden bir hadysa bolýar. Möjegiň çagalarynyň biri garagollyk edip, tötänlikden bir guzyny iýip goýýar. Çopan muny bilse-de, möjekleriň ertirki gün özüni nähili alyp barşyny synlamak isleýär. Ertesi çopan seretse, süriniň ýanynda bir ap-ak guzy bökjekläp ýör. Bu guzy bigäne ýerden getirilipdir. Möjek çagalarynyň eden garagollygy üçin ötünç soraýan ýaly, şol gijäniň özünde çopan goňşusyna sowgat etmek üçin goňşy sürüden bir guzujygy getiripdir.

 

Dostluk synagy

     Bir garga pişik bilen ýakyn dost bolupdyr. Olar tokaýdaky daragtyň aşagynda her gün süýji-süýji söhbet etmegi endik edinipdir. Günlerde bir gün garga gaplaňyň özlerine tarapa gelýänini görüp, pişige duýdurypdyr. Garga tizlik bilen uçup, daragtyň iň ýokary şahasyna gonupdyr. Pişik bolsa, alaçsyzlykdan daragta dyrmaşyp, iň pes şahasyna çykypdyr. Şahalaryň arasyndan pişik gamgynlyk bilen:

— Gadyrdan dostum, maňa ýardam et, meni halas et — diýipdir.

Şol daragtyň töwereginde çopanlar gezim edip ýören eken. Muny gören garga uçup, çopanlaryň itleriniň biriniň başyna gonan ýaly ganaty bilen kakyp geçipdir. Muny duýan itler çalasynlyk bilen gargany kowalap gidipdirler. Garga itleri şol daragtyň ýanyna getiripdir. Gaplaň daragtyň aşagynda pişigi nyşana alyp duran eken. Itler gaplaňy gören badyna, hüjüm edipdirler. Şeýlelik bilen, garga öz dostuny başyna düşen külpetden halas edipdir.

 

Dogumly garynja

     Garynja ýaltanmazdan özünden on esse bolan çekirtgäni süýräp barýar. Muny görenler:

— Garynja sered-ä, horajyk göwresi bilen agyr ýüki süýräp barýar — diýipdirler. Garynja bolsa gülüp:

— Mertler etli-ganly göwresi we haýbaty bilen däl, belki zähmetsöýerligi we dogumlylygy bilen özüne çekýärler — diýip öz ýoluny dowam edipdir.

 

Zynjyrlanan pil

     Haýwanat baglarynyň birinde bir pil saklanýar eken. Zynjyrlanan pil ýüz ýyl gazygyň daşynda aýlanypdyr. Ahyry zynjyryň öz-özi iýlip, üzülipdir. Şondan soň hem pil kadany bozmazdan üzülen zynjyry süýräp daşyndan ýene ýüz ýyl aýlanypdyr.

 

 

 

Terjime eden: Gurbanmyrat GURBANOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar