Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli döwürler-de gymmatyny ýitirmeýän welosiped sportunyň ýurdumyzda giň gerimde ösdürilmegi Olimpiýa hereketine we ählumumy sportuň ösüşine saldamly goşantdyr. Welosiped sporty her bir ynsana ýokary ruhubelentlik bagyş edýär. Şunda türgeniň bütin bedeni herekete gelip, gan aýlanyşy işjeňleşýär. Ähli welosiped sporty oýunlarynyň maksady aram tizlikde, emma çaltlyk bilen belli bir aralykda kynçylyklary ýeňmekdir. Welosiped bilen uzak aralyga erk edip bilmek türgeniň ussatlygyna baglydyr.
Welosport hereket edip barýan tigiri elleriň bilen dolandyryp, uzak aralyga erk edip, üstünlik gazanmagy öwredýär. Welosiped sportunyň ilkinji döräp, giňden meşhurlyga eýe bolan künjegi hökmünde Ýewropa dünýä bellidir. Şolaryň arasynda welosportuň ilkinji resmi oýunlaryny geçiren Fransiýany aýratyn bellemek gerek. Bu döwlet taryhda welosporta uly üns berendigi we iri ýaryşlaryň köp sanlysyny kabul edendigi bilen bellidir. Ilkinji resmi oýunlar 1869-njy ýylda geçirilip, Ruan-Pariž aralygynda 120 kilometre çenli aralykda gurnalýar. Şol wagtdaky tigirleriň hereketi haýal, ýagny sagatda 11 kilometr bolupdyr. Welotrek boýunça birinjiligi almak ugrundaky oýunlar ilkinji gezek 1893-nji ýylda Çikagoda, şosse welosporty boýunça bolsa 1921-nji ýylda Kopengagen şäherinde geçirilýär. Welosiped sporty 1896-njy ýyldan Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Welosport boýunça halkara tigir sürüjiler birleşigi 1900-njy ýylyň 14-nji aprelinde esaslandyrylýar. Häzirki wagtda bu birleşige 150-den gowrak döwlet agza bolup durýar. Birleşigiň baş edarasy Şweýsariýanyň Egl şäherinde ýerleşýär.
Welosipedli sport oýunlarynyň dürli görnüşleri bolup, olaryň arasynda welotrek we şosseli welosport oýunlary giňden meşhurlyga eýedir. Dag tigiri arkaly dag ýodalarynda gurnalýan welo oýunlar özüniň täsinligi bilen ünsüňi çekýär. Dag ýodalarynda pyýada kynçylyk bilen hereket edýän wagtyň welosipedli ýeňil düşmejekdigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Emma tigir sürüjiler munuň hötdesinden gelip, welosiped bilen ajaýyp hereketleri görkezmegi başarýarlar.
Ulagdan tapawutlylykda welosiped bedeniň hereketini işjeňleşdirýär we arassa howadan dem almaga şert döredýär. Bu sport öz gezeginde ynsanyň saglygy üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
Arzygül JOMARTOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby.