WATAN SARPASY

Men seniň perzendiň, sen penakärim,

Goýnuňda ulaldym mähriban Watan!

Baýlygym, guwanjym hem genji-känim,

Dilleriň senasy mähriban Watan!

 

Tebigatym göýä jennet mysaly,

Belent daglar, bir tarapda Garagum.

Çarlaklaryň owazyna garylyp,

Joşup-joşup tolkun atýan Hazarym.

 

Gözýetmez umman deý çäksiz gujagyň,

Ähli gymmatlyklar jemlenen sende,

Myhmanyny garşylaýar sarpalap,

Şagalaňa dolup, uly toý günde.

 

Yhlas bilen zähmet çekýär daýhanlar,

Ýadamany ak bugdaýly pelleňde.

Beýik döwrüň tarypyny ýetirýär,

Halyçylar hala salyp göllerde.

 

Dört pasylym aýlanyp dur seň bilen,

Her pasylyň täsiri bar üýtgeşik,

Joşup, joşup aýdym aýdasym gelýär,

Döwrüň aýdymyna sesimi goşup.

 

 

 

Enetäç NURMYRADOWA,

Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar