Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütüni bolan mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesi uly buýsanja beslenýär. Ata-babalarymyzyň yhlasyndan boý alan arzuw daragtyna şu ýyl 32 ýyl dolýar. Taryhyň sahypalarynyň ýanynda 32 ýyl umman damjalary ýaly hem bolsa, her bir ýylynyň, her bir aýynyň we gününiň göwhere deňelýändigini aýtmak gerek. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň dabaralanýan günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi bolsa, ata-babalarymyzyň «Bagtly ile toýlar goşa-goşadan gelýär» diýen aýtgysyndan habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, halkymyzda möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biri. Şu babatda, halkymyzda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli toý dargamaz», «Geňeşli salamat bolar» ýaly nakyllardyr, pähimler bar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda Halk Maslahatynyň hereket etmegi eziz Diýarymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň barha kämilleşýändigini we bu işleriň aňyrsynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgeleriň öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar. Munuň şeýledigine, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýen parasatly jümleleri dolulygyna güwä geçýär.
Hakykatdan hem, Halk Maslahatynyň taryhy kökleri uzak geçmişe uzaýar. Türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň demokratik nusgasynyň başlangyçlary ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmak tejribesinde öz beýanyny tapýar. Bular dogrusynda taryhy çeşmelerde birnäçe maglumatlar getirilýär. Oguz hanyň her bir uly ähmiýetli meseläni il-gün bilen geňeşip çözendigi hakynda «Oguznamalarda» aýdylýan bolsa, «Gorkut ata» eposynda Watany goramak, döwlet gurmak, her bir umumy halk meselesi demokratik, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak arkaly çözülipdir. ,Gorkut ata» eposynda bellenilişi ýaly, «Döwletli ogul ojagyň közüdir» diýen nakylyny, bu günki eşretli zamanamyzda biz her bir işde, her bir pursatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, ýiti pähim-parasatly durmuş tejribesinde görýäris. Sebäbi, beýik şahsyýetlere mahsus çuň danalyk duýgusyny özünde jemleýän Gahryman Arkadagymyz, türkmen halkynyň buýsanjy, abraý mertebesi, Arkadagly Serdarymyz Türkmenistan döwletimiziň mukaddes ojagynyň mähir közüdir.
Öz halkyna geňeşli türkmen halkynyň Milli Lideri, Mähriban Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr!» diýip nygtamagy, ykbaly galkynan türkmen ýaşlarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, agzybir halkymyzyň abadançylygy we bagtyýarlygy üçin möhüm ähmiýeti bolan döwlet durmuşynyň dürli meselelerine garalmagy, halkymyzyň abadan, agzybir, bolelin ýaşamagy ugrunda durmuşa ornaşdyrylýan işleriň özeni boldy. Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adynyň dakylmagy bolsa, ähli raýatlarymyz bilen bir hatarda türkmen ýaşlarynyň başyny has hem göge ýetirdi.
Şu ajaýyp pursatda, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly öwüt-ündewlerini ýörelge edinýän biz ýaşlar hem, ata Watanymyza wepaly nesil bolup, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik ynamyna mynasyp jogap bermegi özümize mukaddes borç hasaplaýarys.
Goý, türkmen ýaşlarynyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamaklary, okamaklary, öwrenmekleri we döretmekleri üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.