BÜRGÜT HEM TOWŞAN

     Bürgüt belent agajyň başynda hiç zat etmän, dynç alyp oturan eken. Kiçijik towşanjyk ony görüpdir-de, bürgüde ýüzlenipdir: «Menem şeýdip Siz ýaly, hiç zat etmän otursam bolarmy?» «Elbetde, oturyber» diýip, bürgüt jogap beripdir. Towşan agajyň kölegesinde oturyp, dynç almaga başlapdyr. Birden tilki peýda bolupdyr-da, towşany tutup, iki üzüp, bir ýalmapdyr.

     Hekaýatyň hikmeti: hiç zat etmän, dynç alyp oturmak isleseňiz, Siz örän ýokarda oturmalysyňyz.

     Ördekleri menýulardan hem tapyp bolar, bürgütleri welin diňe Gyzyl kitapdan tapmak mümkindir.

 

 

NAŞYJA SOWGATLAR

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR