GARA REŇKLI ŞARYŇ HEM BEÝLEKILERDEN KEM ÝERI ÝOK

     Kiçijik garaýagyz oglanjyk bazarda şar satýan adama syn edip duran eken. Ol çagalaryň — bolup biläýjek kiçijik alyjylaryň ünsüni çekmek üçin, gyzyl reňkli şary göge uçuryp goýberipdir.

     Soňra ol gök şary hem şeýdip uçurypdyr. Olar ýokary galyp baryşlaryna ahyry gözden ýitip gidipdirler. Garaýagyz çagajyk uzak wagtlap gara reňkli şara seredip duransoň, ahyry dillenipdir:

— Daýy, şol gara şary hem goýberseň, şeýdip ýokaryk uçup bilermi?

     Satyjy ýylgyrypdyr-da, gara şaryň sapagyny kesipdir. Ol asmana göterilip gidipdir.

— Esasy zat reňkde däl, oglum. Şary ýokary göterýän onuň içindäki zatdyr.

 

NAŞYJA SOWGATLAR

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR