TÄZE IŞ GÜNÜNE UGURNAMA

     Coca-colanyň öňki baştutany Braýan Daýsonyň 30 sekuntlyk çykyşy.

     Durmuşy bäş sany kiçijek topy oklap-gapmak oýny diýip göz öňüne getireliň. Bu topjagazlar — Iş, Maşgala, Saglyk, Dost-ýar we Göwün, siziň wezipäňiz olaryň hemişe howada bolmagyny gazanmakdan ybarat.

     Basym siz Iş diýen topjagazyň rezinden ýasalandygyna, birden ony gaçyraýsaňyz hem, onuň ýene ýokary göteriljekdigine göz ýetirersiňiz. Emma beýleki dört top — Maşgala, Saglyk, Dost-ýar we Göwün aýnadandyr. Eger siz olaryň birden-birini gaçyraýsaňyz, çat açar, bir ýerjigi uçar, hatda kül-uşak bolmagy hem mümkin. Garaz, ol hiç haçan öňki kaddyna gelmez.

     Siz şuňa akyl ýetirip, beýle zadyň bolmazlygy üçin çytraşmalysyňyz. Iş wagtynda başardygyňyzdan, aňrybaş derejede netijeli işläň hem-de öýüňize wagtynda dolanyň. Maşgalaňyza, dost-ýara we dynç almaga ýeterlik wagt aýryň. Gymmatlyk diýlen zat dine gadry bilnen ýagdaýynda gymmatly bolýandyr.

Meňzeş habarlar

27 Noýabr 2025 | 120 okalan

TÜRKMEN MILLI NAGYŞLARY

20 Noýabr 2025 | 555 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 417 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY