HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNA DOGLAN GÜNI MYNASYBETLI GUTLAG HATLAR GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Russiýada Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ähli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlyga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berilýär. Biziň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklarymyzyň, bilelikdäki ysnyşykly işimiziň dowam etdirilmegine umyt edýärin.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Şu ýylyň ýanwarynda Siz Hytaýa üstünlikli sapary amala aşyrdyňyz. Maý aýynda Siz “Hytaý — Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek Hytaýa geldiňiz. Saparyň barşynda biz Siziň bilen dostlukly, netijeli pikir alyşmalary geçirdik hem-de esasy ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklary gazandyk. Munuň özi hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, Siziň bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Biz Sizi türkmen halkynyň hormat-sarpasyna mynasyp bolan döwlet we syýasy işgär, hakyky watançy, öz Watanynyň wepaly ogly hökmünde tanaýarys. Soňky ýyllarda Siziň baştutanlygyňyzda halkyňyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak işi dowam etdirilýär, ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýy has-da belende galýar.

Biziň dostlukly gatnaşyklarymyz, ýokary derejedäki duşuşyklarymyz we yzygiderli dialog arkaly iki ýakyn goňşy ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli we netijeli ösdürip biljekdigiňize ynanýaryn.

Durmuşyňyzyň şu şatlykly we ýatdan çykmajak gününde Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlamak hem-de Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, abadançylyk, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli meniň tüýs ýürekden gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Häzirki wagtda Siziň baştutanlygyňyzda doganlyk Türkmenistan durnuklylygy, durmuş-ykdysady ösüşi, öz raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmek ýoly bilen ynamly öňe barýar, özüniň halkara abraýyny yzygiderli berkidýär. Siziň strategik ugruňyza eýerip we möhüm başlangyçlarydyr özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirip, Türkmenistanyň döredijilikli ösüşini dowam etdirjekdigine, güýçli we gülläp ösýän döwleti gurmak boýunça belent maksatlara ýetjekdigine ynanýaryn.

Häzirki döwürde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasynda asylly dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň mundan beýläk-de gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň berk esasy bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Doganlyk Türkmenistan häzirki wagtda durnukly durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar.

Men iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şerti hökmünde ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky täjik-türkmen dialogyna uly ähmiýet berýärin. Golaýda Duşenbe şäherinde geçirilen çärelere Siziň işjeň gatnaşmagyňyza bu ösüşiň okgunly bolmagyny üpjün etmek boýunça biziň hemişelik bilelikdäki tagallalarymyzyň nobatdaky subutnamasy hökmünde baha berýärin. Täjigistan bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň jana-jan bähbitlerine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň ösüş ýolunda täze üstünlikleri gazanjakdygyna hem-de halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmak işinde öňünde goýan maksatlaryna ýetjekdigine berk ynanýaryn.

Halklarymyzyň düýpli bähbitlerini ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň, şeýle hem aramyzda ýola goýlan dostluk we özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň netijesinde gyrgyz-türkmen strategik hyzmatdaşlygy işjeň ilerledilýär. Gadymdan gelýän dostluga, ynanyşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan köpugurly gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin hem-de Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Azerbaýjan-türkmen gatnaşyklary asyrlaryň dowamynda dostlukda, doganlykda we hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan halklaryň erk-islegine esaslanýar. Şeýle berk binýada daýanýan gatnaşyklaryň günsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna şatdyryn. Siziň bilen ýakynda Duşenbe şäherinde bolan duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky, şol sanda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşine kanagatlanma bildirýärin. Däp bolan dostlukly gatnaşyklarymyzyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň we işjeň syýasy dialogymyzyň mundan beýläk-de ýurtlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine, sebitde abadançylygyň üpjün edilmegine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Bu şanly günde Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýa Federasiýasyny we Türkmenistany baglanyşdyrýan dostluk gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Ýokary derejede kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen, söwda-ykdysady, maýa goýum, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk işjeň giňeldilýär, energetika, senagat we ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, täze, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň döredilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabada amala aşyran saparymy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn we rus wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallygymy beýan edýärin. Ynanyşykly, netijeli gatnaşyklarymyzyň dowam etdirilmegine şatdyryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail Mişustin,

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň ýokary hünär tejribäňize esaslanýan tutanýerli zähmetiňiz doganlyk Türkmenistanyň gülläp ösmegine, döwletiňiziň pugtalandyrylmagyna we halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine saldamly goşant goşýar.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara düşünişmek we syýasy ynanyşmak biziň gatnaşyklarymyzyň çuňňurdygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we röwşen geljek arzuw edýärin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Alihan Smailow,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siz özüňizi jogapkärli we başarjaň ýolbaşçy, berk ygrarly şahsyýet hökmünde tanatdyňyz. Maksada okgunlylygyňyz, Watanyňyza hem-de belent taglymlara wepalylygyňyz Size iň ýokary döwlet wezipesinde dogry çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär. Siz ýurduňyzyň abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegi üçin köp işleri bitirýärsiňiz.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumynyň möhüm bölegi hökmünde Siziň ikitaraplaýyn parlament hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärler hem-de ýurtlarymyzyň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbidine parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma bildirýärler.

2022-nji ýylyň iýun aýynda daşary ýurda ilkinji resmi saparyňyz hökmünde Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparyňyzyň netijesinde, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, howpsuzlyk ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugry dowam etdirildi. Russiýanyň we Türkmenistanyň syýasy durmuşyndaky bu möhüm waka iki döwletiň ynanyşykly gatnaşyklarynyň subutnamasy boldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny hem-de zenanlaryň dialogyny täze “5+1” görnüşli Aşgabat formatynda geçirmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjynyň dowam etdirilmegi guwandyryjydyr. Öz tarapymyzdan bu işe ýardam bermäge taýýardyrys. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň mizemezdigine berk ynanýaryn, netijeli özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyryljakdygyna umyt edýärin.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Siziň ähli maksatlaryňyzyň we meýilnamalaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, maşgalaňyzyň, ýakynlaryňyzyň goldawynyň bolsa Sizi täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Walentina Matwiýenko,

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin. Beýik Biribardan Size uzak ömür, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, döwlet Baştutany wezipäňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda rowaçlyk we abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani,

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.

(TDH)