Täze döwrüň belent maksatly ösüşlerine barýan aýdyň ýolda döwlet durmuşyna degişli wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelge berkarar Watanymyzda mizemez däp hökmünde dowam edip gelýär. Ynha, şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Bu döwletli Maslahata gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşyny diňlemek maňa-da miýesser etdi. Halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşyna gönükdirilen beýik maksatlary öňde goýan bu taryhy Maslahat uzak geljegi nazarlaýan döwletli tutumlara badalga berdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler kabul edildi. Kabul edilen çözgütler “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp şygaryň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Biz hem iri jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri hökmünde kabul edilen çözgütleri halkymyzyň, esasan-da, ýaşlarymyzyň arasynda wagyz etmekde mundan beýläk-de öz yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.