Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstümizdäki şanly ýylymyzyň her bir güni, her bir pursady agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. Ynha, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezän, kalplara buýsanç duýgusyny paýlan şanly wakalaryň biri boldy. Bu ählihalk forumynda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy ähmiýetli çykyşy tutuş halkymyzda uly ruhubelentligi döretmek bilen, parahat ýurdumyza, bagtyýar zamanamyza, abadan durmuşymyza bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy. Mejlisde Milli Liderimiziň eden maksatnamalaýyn çykyşyndan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň her biri ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da döwlet syýasatymyzda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmän, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň her bir ugruna aýry-aýrylykda täzeçe başlangyçlaryň ornaşdyrylýandygynyň ýene-de bir gezek şaýady bolduk. Ykballary nurlandyran, döwrümize ýalkym çaýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde geljek ýyllarda döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmekde möhüm wezipeleriň birnäçesiniň seljerilmegi, olary ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň göz öňünde tutulmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de düýpgöter täze derejä çykjakdygyna ynamymyzy artdyrýar.
Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetini dabaralandyrmak ugrundaky ýörelgeleriniň häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilmegi ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemäge esas döredýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, milli agzybirligimiz, kanunlaryň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr. Şol sanda halk bilen häkimiýetiň bilelikdäki jebisligi jemgyýetimizi ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere rowaçlyk paýlady. Jemgyýetiň her bir wekiliniň erk-isleginiň, raýatlaryň teklipleriniň diňlenilmegi, seljerilmegi bolsa ýurdumyzda halk häkimiýetiniň günsaýyn dabaralanýandygyny äşgär edýär. Şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyz bu taryhy forumda eden çuň manyly çykyşynda «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr» diýen ganatly sözleri biz ýaşlary Watanymyzy dünýä çykarmagyň hatyrasyna mundan beýläk-de beýik işlere, täzeçe başlangyçlara ruhlandyrdy.
Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, milli gymmatlyklarymyz, taryhy ýollarymyz bilen dünýä çykmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başyny başlan beýik özgertmeleriniň, ýörelgeleriniň bu gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini durmuşyň her pursadynda görmek bolýar. Çünki hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden başlap «Watan diňe halky bilen Watandyr!», Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen buýsançly ýörelgeler esasynda geljek ýyllarda Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etdirmegiň hatyrasyna birnäçe beýik işleriň we döwletli tutumlaryň başyny başlady. Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da artdyrmakda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bolsa biziň — Arkadagly ýaşlaryň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Bagtyýar türkmen ýaşlary mundan beýläk-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzda kabul edilýän giň gerimli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginde her bir işe öz saldamly goşantlaryny goşarlar.
Türkmen halkyny ösüşiň täze tapgyryndan nurana geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Durdy MAMEDOW,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.