Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde, ýurdumyz uly rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, bilimli-ylymly bolup ýetişmekleri üçin uly şertler döredilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Kitap – bilimiň açarydyr” diýip belleýär. Geljekde ýaş nesliň Watana, il-güne peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin kitabyň ähmiýeti örän uludyr. Çünki kitap adamyň diňe bir aňyny ösdürip, gözýetimini giňeltmän, eýsem durmuşy-da öwredýär. Şonuň üçin hem, ýaş nesli terbiýelemekde kitap bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Köp kitap okan adam dünýägaraýşy giň, ösen aň-düşünjeli, ahlak we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişýär. Ata-babalarymyz “Çaga eziz, edebi ondan-da eziz” diýen nakyla eýeripdirler.
Ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuň many-mazmyna ýugrulan kitaplaryny uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasyndan dörän eserleriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. Çünki kitap ruhy baýlyk, kitaphanalar bolsa şol ruhy baýlygy aýawly saklaýan we olary wagyz edýän medeni ojak bolup durýar.
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher merkezi kitaphanasynda hem bitewi elektron kitaphana ulgamy ornaşdyrylan. Bu bolsa, häzirki ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda, özleriniň bilim derejelerini artdyrmaga, özlerine gerek bolan maglumatlary kitaphanada ornaşdyrylan bitewi elektron kitaphana ulgamynyň üsti bilen kitaplaryň elektron nusgalaryny göçürmäge ýardam berýär. Kitaphanamyz edara-kärhanalarda göçme nokatlary gurnamak bilen, okyjylara hyzmat edýär.
Bize şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýsa ÇOWDYROWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň direktory.