GALPAK TOÝY

     Halkymyzda gadym döwürlerden bäri bir ýaşyny dolduran balanyň saçyny alyp, toý tutmak dessury bar. Türkmen toýlarynyň islendigine nazar salsaň-da, isle ol galpak toýy bolsun, isle-de pygamber ýaş toýy, olaryň hersine özboluşlylyk mahsus. Özem bu gadymy däp edil beýleki türkmen toýlary ýaly uly dabara bilen bellenip geçilýär. Galpak toýy çaga 1 ýaşyna ýetende, onuň saçyny syrmak bilen baglanyşykly geçirilýär. Çaga ýaşyna ýetýänçä, onuň saçy diňe ýuwlup, arassalanyp, daralyp durulýar. 1 ýaşyna ýetende bolsa, çaganyň daýysy tarapyndan ilkinji gezek saçy, ýagny galpagy syrylýar. Bu hormatly işiň daýysy tarapyndan ýerine ýetirilmeginde uly many bar. Munuň özi, galpagy syrylýan çaganyň baba-mamasyna, daýy-daýzasyna goýulýan sarpanyň, sylag-hormatyň nyşanydyr.

     Çaganyň daýysyna hormat goýmak däbi örän gadymlardan bäri meşhur bolupdyr. Halk nakyllarynda hem-de atalar sözünde “Är daýa” diýen pähim örän ýörgünli ulanylýar. Çaganyň galpagyny syran daýysyna sylag-serpaýyň edilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Eger-de çaganyň galpagy syrylmaly wagtynda daýysynyň işi çykyp, bir ýere gitmeli bolsa, onda toýdan öň onuň galpagyny syrýar. Bu däp şeýleräk ýerine ýetirilýär: çaganyň saçyna päki degrilip, birazajyk saçy aýrylýar. Diňe şondan soň, çaganyň saçyny başga bir adama syrdyrmaga rugsat berilýär. Çaganyň galpagyny daýysyna syrdyrmak däbi halkymyzyň guda garyndaşlary bilen sylanyşykly, agzybir gatnaşmagyna, birek-birege hezzet-hormatyň has-da artmagyna getiripdir.

     Ata-babalarymyz çaganyň galpak toýunda syrylan çile saçyna aýratyn ähmiýet beripdirler. Çaganyň ilkinji syrylan saçy yrym üçin ejesi tarapyndan ýörite bir ýerde ýygnalyp goýulýar. Ilkinji syrylan çile saçy aýak basylmaýan ýerde saklanylýar. Käbir yrym-ynançlara görä, “Bäbeklikden çyrçykly çaga çile saçlaryny syrdyran wagtynda sagalýarmyş”-diýen düşünje hem bar. Çaganyň galpagyny syrmak bilen, saçy kellesine agram bermesin, näsaglamasyn diýip, yrym hem edipdirler.

     Bu toýa dogan-garyndaşlar, dost-ýarlar, goňşy-golamlar çagyrylýar. Dürli-dümen naz-u-nygmatlar taýýarlanylyp, uly şatlyk-şowhun bilen toý toýlanylýar. Toýda pişme, gatlama, çelpek, külçe bişirilýär. Toýuň dabarasy milli tagamlaryň çekilmegi bilen dowam etdirilýär. Milli oýunlar oýnalyp, bagşy aýtdyrylýar. Toýda çaga ezizlenip, onuň üstüne süýji-köke seçilýär. Galpak ýa-da saç toýy berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem uly dabara bilen bellenip geçilýär.

 

Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag

şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY