TERJIMEÇILIK INÇE SUNGAT

     Häzirki wagtda Ýer ýüzünde terjimeçilik işine örän uly üns berilýär. Sebäbi terjimeçilik maglumat alyşmakda, milletleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmakda möhüm hasaplanýar. Terjime etmek hem-de terjimeçilik hünäri daşary ýurtlularyň diline, edebiýatyna, medeniýetine düşünmegi talap edýär. Her ýylyň 30-njy sentýabry Halkara terjime güni hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 24-nji maýynda geçiren 71-nji sessiýasynda bu halkara gününi ykrar etmek barada Karar kabul edilýär. Halkara terjime güni her ýyl özboluşly şygar astynda bellenilip geçilýär.

     Terjimäniň taryhyna nazar salalyň. Terjime adamzadyň ýerine ýetirip başlan işleriniň içinde iň gadymysy hasaplanýar. Gadym zamanda biri-birinden dilleri tapawutlanýan adam toparlary döräninde olaryň düşünişmegi üçin terjimeçilik gerek bolupdyr. Şeýlelik-de, «bilingwler» ýagny dürli dildäki adamlary biri-biri bilen düşünişmäge ýardam berýän adamlar döräp ugrapdyr. Olar ilki başda dilden terjime edýän bolsalar, soňabaka muny ýazuwyň üsti bilen amala aşyrypdyrlar. Dürli tekstleri resmi, dini, işjeň häsiýetli resminamalary terjime edipdirler. Öz ilkinji dörän gününden başlap terjime dürli dilde gepleýän adamlaryň düşünişmegi üçin wajyp sosial funksiýany ýerine ýetiripdir. Ýazuw arkaly terjime etmek beýleki halklaryň medeniýetiniň we edebiýatynyň biri-birleri bilen arabaglanyşygy, aýratynlygy baradaky maglumatlary almaga ýardam edipdir.

     Terjimeçilik sungaty köp milli dilleriň we edebiýatlaryň ösmegine öz goşandyny goşýar. Köplenç terjimeler dilde täze lingwistik we edebi formalaryň döremegine getirýär. Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň edebiýatyna we dillerine gadymy nusgawy dillerden köp zat geçipdir. Gadymy rus edebiýatynyň, arap, hindi, hytaý edebiýatynyň we medeniýetiniň ösüşinde hem terjimeçileriň roly örän uludyr. Ýeri gelende ilkinji türkmen terjimeçilerini bellemek has-da ýakymly. Orta we XVIII-XIX asyrlaryň türkmen şahyrlary arap, pars dillerini suwara bilipdirler. Orta asyryň Horezmi, Farabi, Abu Seýit Mäne Baba, Nesimi ýaly türkmen alymlary arap, pars, türkmen dillerinde ylmy işleri ýazyp, şygyrlar döredipdirler. Muhammet Fizuly, Baýram han ýaly türkmen şahyrlary hem köp dil bilip, dürli dillerde eserleri döredipdirler. Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy hem gündogar dillerinden baş çykarypdyrlar.

     Hawa, asyrlaryň aşmagy bilen sungat derejesine getirilen terjimeçilik häzirki wagtda kämil derejede dowam etdirilýär. Bilermenler dünýäde 300 müňden gowrak terjimeçilik hünäri bilen meşgullanýanlaryň bardygyny kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite ykrar edilen resmi dilleri bolup, olar: iňlis, rus, fransuz, arap, hytaý we ispan dilleridir. Terjime etmek işinde iň köp amala aşyrylýan diller hem şular hasaplanylýar.

     Halkara terjime güni mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda bu hünäriň wekilleri bilen dürli çäreler geçirilýär. Şeýle-de, geçirilýän metbugat kenferensiýalary, tegelek stollar, okuw seminarlary bu günüň täsirini artdyrýar.

 

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY