DURMUŞ HEM EDIL WELOSIPED SÜREN ÝALY

Deňagramlylygy saklamak üçin hereket etmek gerek.

Albert Eýnşteýn

Monah Simeon Afonskiý

Ukyplaryň iň seýregi haýsy?

Bermegi başarmak.

Ukyplaryň iň gowusy haýsy?

Bagyşlamagy başarmak.

Ukyplaryň iň kyny haýsy?

Dymmagy başarmak.

Ukyplaryň iň möhümi haýsy?

Soramagy başarmak.

Ukyplaryň iň zerury haýsy?

Diňlemegi başarmak.

Endikleriň iň ýakymlysy haýsy?

«Suwmeýillilik».

Endikleriň iň zyýanlysy haýsy?

Ýaňralyk.

Adamlaryň iň güýçlüsi kim?

Hakykata akyl ýetirmegi başarýan kişi.

Adamlaryň iň güýçsüzi kim?

Özüni iň güýçli hasaplaýan kişi.

Adamlaryň iň paýhaslysy kim?

Ýüregini aýaýan we ony diňleýän kişi. Orazmyrat Myradow

Baknalygyň iň howplusy näme?

Teniň guly bolmak.

Adamlaryň iň garyby kim?

Puly hemme zatdan gowy görýän kişi.

Adamlaryň Hudaýa iň ýakyny kim?

Päkýürekli kişi.

Bela-betere näme bilen garşy durýarlar?

Şatlyk bilen.

Kösençlige näme bilen garşy durýarlar?

Sabyr bilen.

Sagdyn ruhuň alamaty näme?

Ynam.

Dertli ruhuň alamaty näme?

Umytsyzlyk.

Nädogry hereketleriň alamaty näme?

Gaharjaňlyk.

Haýsy adam diriligine ölendir?

Biparh kişi.

Haýsy adam hiç haçan ölmez?

Ýakynlaryny gowy görýän kişi.

 

NAŞYJA SOWGATLAR

Öňki makala

ÝOLBARS HEM IT

Indiki makala

ATA PENDI

Meňzeş habarlar