Gadym zamanlarda bir goja iň soňky demini sanap ýatan pursatlary ýeke dikrary bolan ogluny ýanyna çagyryp, pent beripdir:
— Oglum, saňa üç wesýetim bar, durmuşda şolary berjaý etseň, hor bolmarsyň. Ilkinji nesihatym, hiç haçan hiç kime öňürdip salam bermegin, ikinjisi, her gün agşamlyk gandu-şeker ýaly süýji tagamlary iýgin, üçünji pendim, her gün saba säher öýden çykanyňda täze köwüş geýip — aýakgabyňy täzeläp çykgyn.
Goja bu sargytlary perzendine aýdyp, «ýurduny täzeläpdir». Oglan atasynyň maslahatlaryny geňräk görse-de, aýdyşy ýaly etmäge başlapdyr. Adamlara ilki bolup salam bermändir, agşamlaryna nogul-nabat süýji zatlary iýipdir, her gün täze köwüş geýipdir. Ýöne näme üçindir, bu ýagdaýlar ony hor bolmazlykdan halas etmeg-ä beýlede dursyn, asla ähli babatda kyn ýagdaýa salypdyr. Goňşy-golamlar bilen sylag-salamly gatnaşygy kesilipdir, agşamlaryna iýýän süýji tagamlary saglygyna ýaramaz täsir edipdir, her gün täze aýakgap çalyşmagy bolsa, onuň «jürüni dikip» barýarmyşyn.
Ahyry ol ýigit bu zatlardan irip, ejesiniň ýanyna baryp derdinipdir:
— Eje, meniň-ä ile çykarlygym galmady, saglygymyň hem ugry ýok, indi täze köwüş almak üçinem bergä giräýmesem, özümiň-ä gurbum çatjak däl. Kakam näme üçin meni beýle hala saldyka? Ýa bir göwnüne degen ýerim barmyka?
Şonda ene bir uludan demini alypdyr-da, şeýle diýipdir:
— Oglum, he-ýem bir kakaň saňa ýamanlyk islärmi? Ol özüniň sargytlary bilen bagly tä gelip soraýançaň, seniň işiňe goşulmazlygy tabşyrypdy. Menem onuň sözünden hiç haçan çykmanymdan soň, seniň işleriňe goşulyp bilmedim. Men saňa kakaň sargytlarynyň ýordumyny açyp bereýin: Ol «Öňürdip hiç kime salam bermegin» diýeninde, saňa hemmeden ir turup, mellegiňde işlemegi tabşyrypdy. Şeýle etseň, sen hiç kime öňürdip salam bermeli bolmarsyň, işine ugran adamlaryň ählisi seniň gabadyňa gelenlerinde ilki bilen salam bererler. Ol: «Her agşam süýji zatlary iýginiň» diýeninde uzynly gün mellegiňde deriňi döküp, zähmet çekseň, agşamlyk aryp geleniňde iýlen islendik naharyň hem juda süýji bolýanlygyny sargyt etmek isläpdi. Onuň üçünji sargydy bolsa, günde täze köwüş satyn alyp geý diýdigi däldi. Kakaň bu pendi her gije ýatmazdan öň köwşüňi süpürip, ýalpyldadyp goýgun, şonda irden öýden çykanyňda täze aýakgap geýen ýaly bolarsyň diýdigidir, oglum.
Şol günden başlap oglan kakasynyň pent-nesihatlaryny ejesiniň düşündirişi ýaly berjaý edip başlapdyr. Gün-günden il-içinde abraýy artyp, zähmetden hem bereket tapypdyr. Öý-işikli bolup, perzent terbiýelemeli bolanynda öz çagalaryna hem kakasynyň pent-nesihatlaryna eýermegi tabşyrypdyr...
«Naşyja sowgatlar»