SPORT BIZIŇ DURMUŞYMYZDA

     Ýakynda Kaka etrabynyň sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrapdaky tälim alýan türgenler hem-de tälimçiler gatnaşdylar. Onda ýurdumyzda sport ulgamynda alnyp barylýan beýik başlangyçlar dogrusynda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy B.Öwezow, guramanyň bölüm müdiri B.Mämmedow hem-de sport mekdebiniň başlygy D.Kömekow çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen sportuň barha uly ösüşlere eýe bolýandygyny, türkmen türgenleriniň üstünlikleriniň ýylsaýyn artýandygyny, hormatly Prezidentimiziň saýasynda beýik işleriň ýola goýulýandygyny uly buýsanç bilen beýan edip şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan etdiler.

 

Azat HALMYRADOW,

TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA