ÝAŞLAR — WATANYŇ GELJEGI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň, gazanylýan üstünlikleriň many-mazmunyny açyp görkezmek maksady bilen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşi bilen etrabyň Bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Ýaşlar — Watanyň geljegi» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Bilim bölüminiň işgärleri, mekdebiň mugallymlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň işgärleri çykyş edip hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçilikleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň mynasyp ylym-bilim alyp, edep-tertipli, sagdyn nesil bolup ýetişmekleri barada wagyz-nesihat edildi hem-de ýaşlara orta mekdeplerini tamamlap, ýokary okuw mekdeplerine okuwa girip, ýurdumyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşmaklaryny arzuw edildi. Agzalan meseleler mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy. Duşuşyga gatnaşanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA