Golaýda Tejen etrabynyň sport mekdebinde ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sportuň we bedenterbiýäniň ynsan saglygyna ýetirýän täsirini düşündirmek hem-de ýaş nesli sporta giňden çekmek maksady bilen kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň Sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan guralan ýaryş, ýaş futbolçylara sportuň bu görnüşi boýunça ussatlygyny we erjelligini ýüze çykarmaga özboluşly mümkinçilik berýär. Ýaryşa orta mekdepleriň okuwçylaryndan we sport mekdebiň türgenlerinden düzülen toparlar gatnaşdy. Olaryň özara duşuşyklaryna sport janköýerleri uly gyzyklanma bildirdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde sport mekdebiň topary ýeňiji boldy. Duşuşygyň ahyrynda bolsa, baýrakly orunlary eýelän toparyň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy hem-de duşuşyga gatnaşyjylar sportuň we bedenterbiýäniň ösüşine uly üns berýän, giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Kakamyrat NURBERDIÝEW,
TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň
baş hünärmeni.