GYZYKLY GEÇEN ÝARYŞ

     Sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Watanymyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sport ulgamy hem barha ösýär. Ýaşlary sporta çekmekde, ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde düýpli özgerişiklere badalga berilýär hem-de bu asylly işler barha rowaçlanýar. Ýaş nesliň sport bilen meşgullanmagy bolsa, ukyp-başarnygynyň kämilleşmegine hem-de berk bedenli, arassa pikirlenmäge ukyby bolan, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerine uly ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Sport we Ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Etrabyň ýaşlaryndan düzülen toparlaryň arasynda bolan ýaryş diýseň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Esasan hem, «Bathyz», «Ahal», «Berkarar» woleýbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar dartgynlylygy bilen tapawutlandy. Gyzykly geçen ýaryşda «Ahal» toparynyň woleýbolçylary garşydaşlaryndan üstün çykyp, baýrakly ornuň eýesi boldular. Ýaryşyň 2-nji, 3-nji baýrakly orunlaryny bolsa «Bathyz», «Berkarar» wolleýbol toparlarynyň oýunçylary eýeledi.

 

Batyr NARYÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Öňki makala

KIÇI FUTBOL ÝARYŞY

Indiki makala

AÝDYM-SAZLY DUŞUŞYK

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA