AÝDYM-SAZLY DUŞUŞYK

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň, Tejen etrap häkimliginiň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga etrabyň saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlary gatnaşdylar. Çäräniň barşynda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy baradaky aladalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem, Medeniýet öýüniň bagşydyr sazandalary öz aýdym-sazlary bilen, wäşileri öz degişme sahnalary bilen dabara aýratyn bir şatlyk-şowhun goşdular. Duşuşygyň ahyrynda bolsa, öňdebaryjy ýaş lukmanlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşi, beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy hem-de halkymyzy sagdyn, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda beýik tutumly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA