AFK-NYŇ KUBOGY ― 2023: «TÜRKMENISTAN: SPORT» «MERW» ― «ABDYŞ-ATA» WE «ALTYN ASYR» ― «RAWŞAN» DUŞUŞYKLARYNY GÖNI ÝAÝLYMDA ALYP GÖRKEZER

     «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy şu gün AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň 2-nji tapgyrynyň çäginde geçiriljek «Merw» ― «Abdyş-Ata» we «Altyn asyr» ― «Rawşan» duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer.

     Şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Ahal» ― «Al-Feýha» duşuşygyny hem göni ýaýlymda futbol janköýerlerine ýetiren ýaýlym bu däbi geljekde hem dowam etdirmegi maksat edinýär. Şeýlelikde, türkmenistanly futbol janköýerleri ýurtda geçirilýän halkara futbol duşuşyklaryna geljekde hem milli teleýaýlym arkaly tomaşa edip bilerler.

     AFK-nyň kubogynyň ikinji tapgyryndaky duşuşyklaryň ikisi hem «Aşgabat» stadionynda geçiriler. «Merw» ― «Abdyş-Ata» duşuşygy sagat 17:00-da, «Altyn asyr» ― «Rawşan» duşuşygy bolsa 21:00-da başlanar.

     Bu toparlar ýaryşyň «E» toparçasyny düzýär. Häzir toparçada «Abdyş-Atanyň» 3, «Merw» bilen «Rawşanyň» 1 utugy bar. «Altyn asyr» bolsa ilkinji utuklaryny şu gün gazanmaga çalşar.

     Bu duşuşyklaryň Täjigistanyň "Warziş" we "Futbol HD" teleýaýlymlarynda hem göni ýaýlymda alnyp görkezilmegine garaşylýar.

 

Türkmenportal.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 109 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR