AFK KUBOGY: «ALTYN ASYR» ÖZ ÖÝÜNDE «RAWŞAN» BILEN DEŇ OÝNADY

     AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynda «Altyn asyr» «Rawşan» bilen deň oýnady. Duşuşyk şu gün «Aşgabat» stadionynda geçirildi.

     Garşydaşlaryň aýgytly hüjümler arkaly 90 minudyň dowamynda ýeňşe ymtylmaklary netije bermedi, oýun deňlikde tamamlandy. Gapma-garşylyk 1:1 hasabynda gutardy.

     Has takygy, täjik toparynyň hüjümçisi Emmanuel Mwanengonyň 17-nji minutda uran goluna, ikinji ýarymyň ortalarynda Rahman Myratberdiýew dürs we netijeli urgy arkaly jogap berdi.

     Şeýlelikde, iki oýundan soň 2 utuk toplan «Rawşan» «E» toparçada üçünji orny eýeläp duran bolsa, «Altyn asyr» 1 utuk bilen soňky orunda barýar.

     AFK Kubogynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde «Altyn asyr» 25-nji oktýabrda «Merw» bilen duşuşar. «Rawşan» bolsa şol gün «Abdyş-Ata» bilen oýnar.

 

 

TURKMENPORTAL

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 109 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR