Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezinde baýramçylyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen bu maslahat «Sagdynlyk – bagtyýarlygyň gözbaşy» diýlip atlandyryldy. Oňa Arkadag şäheriniň çäginde bina edilip, halkymyzyň hyzmatyna berlen saglyk maksatly binalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda Lukmançylyk ylymlarynyň doktory alym Arkadagymyzy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkymyza sowgat eden «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XV jiltiniň çapdan çykmagy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu şanly senäniň toýlanýan günlerinde «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde saglygy goraýyş we derman senagaty pudaklarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.
Çykyş edenler ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmekde bitirýän ägirt uly hyzmatlary üçin Milli Liderimize, şeýle-de Döwlet Baştutanymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maslahatyň ahyrynda hünär baýramçylygy mynasybetli öňdebaryjy ýaş saglygy goraýyş işgärleriniň köpsanlysyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.