Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, medeniýet müdirliginiň hem-de Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.
«Arkadag şäheri beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny toýlaýar» ady bilen geçirilen bu duşuşykda türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez şygyrlary, olaryň nesilleri ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem çykyş edenler nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine bagyşlap Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan, çuňňur zehininden syzylyp çykan «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp eseriniň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda hem buýsanç bilen bellediler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.