Şeýle derwezäniň gapylarynyň giňden açylmagy dünýä medeniýeti bilen tanyş bolmaga we ony aýdyň öwrenmäge ýardam berýär. Munuň özi bolsa, gönüden-göni dünýä tejribesini öwrenmegiň zerur bolup durýan döwründe möhüm ähmiýetlidir. Dünýä dillerini öwrenmek diňe bir bu ugurda bilim alýan hünärmenlere degişli bolup durman, eýsem ähli ugurlarda bilim alýan ýaşlara we zähmet çekýän dürli ýaşdaky hünärmenlere hem degişlidir. Dünýä bilen aýakdaş gitmeli döwürde, has-da sanly tehnologiýalaryň kämilleşýän döwründe dünýä dillerini öwrenmek esasy orunda durýan wezipe hökmünde öňe çykýar.
Şu nukdaýnazardan, olary çuňňur öwrenmekde ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygy we dünýä döwletleriniň, guramalarynyň ünsüni özüne çekýändigi bilen baglylykda, dünýä dilleriniň ýokary derejede öwrenilmegi ýaş hünärmenlere uly mümkinçilikleri açyp berýär. Şeýle mümkinçilikleri açmaga hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli amatly şertler döredilýär. Ähli ýerlerde, esasan-da bilim ojaklarynda lingofon enjamlary, döwrebap kompýuterler, innowasion tagtalar bilen üpjün edilen okuw-iş otaglary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa, daşary ýurt dillerini tiz özleşdirmäge oňyn täsir edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda öňe barýan Diýarymyz ähli ugurlarda, şol sanda bilim ulgamynda hem ägirt uly özgertmeleri we ösüşleri başdan geçirýär. Şeýle gurşawyň türkmen ýaşlarynyň kämil bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýeti bardyr. Bize ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Serwi AMANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň hünärmeni.