EDEBI GÖRELDE — EBEDI ÝÖRELGE

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip mynasyp ýaş nesilleri kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Munuň özi her bir adamyň esasanam, ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, olaryň ýagty ertirine bolan beýik ynamyna ynam goşýar. Parahat ýurdumyzyň mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösmegi üçin Watan söýgüsi gursagynda bolan, buýsançly, edep-ekramly, gujurly, asylly hem başarjaň türkmen ýaşlary derkardyr. Ata-babalarymyz öz perzentleriniň süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, ynsaply, edep-ekramly, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji edip ýetişdirmek üçin ellerinden gelenini gaýgyrmandyrlar.

     Terbiýäniň esasan, görüm-göreldäniň üsti bilen amala aşyrylýandygyna göz ýetiren pederlerimiz «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz», «Atadan gören söwüş saýar, eneden gören supra ýaýar» diýen ýaly ajaýyp nakyllar döredipdirler. Türkmen nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleriniň hem döredijiligine ser salanyňda olaryň döredijiliginiň köp bölegini öwüt-ündew häsiýetli eserleri tutýar. Olaryň miras goýan gymmatlyklary häzirki günde bize beýik nusgalykdyr. Türkmen gyzyny öýüniň ýaraşygy saýyp:«Gyzly öý-gyzylly öý» diýen ýaly parasatly sözleri aýdypdyrlar. Şol parasatly jümleleriň aglabasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem berilipdir. Ynha, olardan birnäçesi: «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de – biýzini», «Gyz gylygy bilen, ogul-edebi bilen», «Gyz gylygyndan söýdürer», «Gyzda haýa, gelinde şerim», «Gyzmalyk özüňe bagly, mylaýymlyk sözüňe», «Gyz — gyzyl alma, gyzy gözden sowma» ýaly nakyllar türkmen terbiýeçilik  mekdebiniň özenini düzýär. Maşgalada gyz çaga belli bir ýaşa ýetenden soň, oňa dürli bezeg şaý-sepleri dakylyp, aýratyn üns alada bilen gurşalýar. Maşgalada gyz çaga derrew kömege ýetişýär. Oňa kiçilikden hojalygyň ýeňil görnüşli işleri buýrulyp başlanýar. Bu ugurda enäniň terbiýesi has möhüm orna eýe bolup, gyzyň arassaçyl, eli işli bolup ýetişmeginde ýa-da oňlanylmaýan häsiýetdir sypatlaryň  döremeginde oňyn täsiri güýçlidir. Eli işlilik türkmen zenanyny bezeýän sypatlaryň biridir. Ilçilikde «Gyz bolan ýerde iňňe gizlenmez» diýilýär. Ilkinji el hünärini gyza ejesi öwredýär. Haly dokamak, köýnek tikmek, gaýma gaýamak we beýleki el işleri bilen meşgullanmak türkmen gyzlarynyň ählisine mahsus.

     Gyz maşgalada arassaçylyk endiklerini kemala getirmek hem terbiýäniň iň derwaýys ugrudyr. Halkymyzda soňy tämizlige syrygýan birnäçe ynançlar, parasatly sözler bar. Olardan saç daramak edebine degişli:«Gyz gowusy säher turup, saçyny darar. Gyz gendesi öýleden soň darak sorar» diýen ýaly pähimi mysal getirmek bolar. Iliň üýşen ýerinde saçyňy ýaýmak, daramak edepsizlik hasaplanýar. Ene-mamalarymyz: «Saçyň ýekeje taryny hem ýere gaçyrmaly däl, itiň guşuň aýagyna çolaşsa, kesel ýolugar» diýilýär. Her bir gyzyň dürli nagyşlar bilen bezelen el bukjasy bolup, oňa aýna, darak hem-de dökülen saç tarlary salnypdyr. Gyzlar öz el bukjasyny durmuşa çykanlarynda hem ýanlary bilen alyp gidipdirler. Öz öýüňi we öý goşlaryňy arassa saklamak hem zenanyň hojalyk borçlarynyň biridir. Şol sebäpli-de «Gyz öýde iş galmaz» diýilýär.

     Türkmençilikde zenan maşgalany bezeýän ýedilige päkizelik, sypaýylyk, utanç-haýalylyk, agraslyk, eli çeperlik, düşbülik, süýji dillilik degişlidir. Gyza ýaraşýan iň gowy reňk diýlip, gyrmyzy we al reňk hasaplanýar, çünki zenan utananda, ýaňaklary al, gyrmyzy öwüsýär. Bu babatda il arasynda «Gyzarana gyz diýerler, agarana biz» diýen jümle bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli we ruhy gymmatlyklara sarpa goýýan, halallygy, zähmetsöýerligi hemra edinen, kämil düşünjeli, arassa ahlakly, watansöýüji nesilleri ýetişdirmek babatda terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyklar, wagyz-nesihat çäreleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerlerdäki Geňeşleriniň alyp barýan işiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçinem biz — jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, agzalary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda edep-terbiýe we ahlak düşünjeleri barada wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Munuň özi biziň iş meýilnamamyzyň esasyny düzýär. Biz — Ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň öňümizde goýýan wezipelerini ak ýürekden durmuşa geçirmekde, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde öz zähmetimizi gaýgyrmajakdygymyzy ynandyrýarys.

     Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

 

Nartäç GANÝOKMAZOWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar