ZIRKIŇ ADAM SAGLYGYNA PEÝDASY

     Zirk gadymy dermanlyk ösümlikleriň biri bolup, irki wagtlardan bäri lukmanlar ony zähere garşy derman hasaplapdyrlar. Zirk agajy maý-iýun aýlarynda gülleýär we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleri bişýär. Şonuň üçin hem ony tutuşlygyna derman ösümlik diýip atlandyrmak bolar. Zirkiň miwelerinden gadymy Müsürde «Sary gyzzyrma» keseli möwç alan döwründe hem giňden peýdalanylyp, ondan em tapypdyrlar. Mundan başga-da, orta asyrlarda zirk agajynyň gabygy, ýapraklary, köki we miwesi dürli keselleriň emi hökmünde peýdalanypdyr. Ýagny, zirkden demlenen içgini üç günüň dowamynda yzygiderli içseň, ötdäki hapalary çykarýar, aşgazanyň, bagryň gyzgynyny alýar, gan basyşynyň beýgelmegini sazlaýar, içegäni arassalaýar we ýüregi berkidýär. Häzirki wagtda halk lukmançylygynda zirkiň miwesinden bal, şerbet taýýarlamakda giňden ulanylýar. Zirk agajynyň ýapraklary, gülleri, miwesi, hatda gabygy-da dürli ýokumly maddalara baý bolup, ony tibet we mongol halk lukmançylygynda gyzgyny gaýtaryjy, sowuklama garşy, ganyň akmagyny togtadyjy serişde hökmünde ulanylýar.

 

 

Arzygül MYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň, işgäri.

Öňki makala

ALTYN GÜÝZ

Indiki makala

OTAG GÜLLERI

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 286 okalan

SANLY BILIM MÜMKINÇILIKLERI

13 Awgust 2025 | 293 okalan

ARMYT BARADA

13 Awgust 2025 | 285 okalan

SAÝAWANLARYŇ DÖREÝIŞ TARYHY